JEMGYÝET

Çärjew etrabynda zähmeti goramaga bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi

Çärjew etrabynyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen okuw maslahaty «Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» diýen meselä bagyşlandy. Oňa kärhananyň işgärleri, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň we ilkinji guramalaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatynda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda ýurtda ynsan saglygyny goramaga, kämil önümçilikleri döretmäge çynlakaý üns berilýändigini çuňňur kanagatlanma bilen bellediler. Çäräniň dowamynda işleri howpsuz alyp barmak üçin ulanylýan enjamlaryň we şahsy gorag serişdeleriniň sergisi hem guraldy. Zähmeti goramak boýunça kadalaryň we düzgünleriň berjaý edilişine jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrmakda kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça jogapkär işgärleri bilen bilelikde hereket etmek arkaly wajyp meselede oňyn netijeleri gazanmagyň mümkindigi maslahatda edilen çykyşlarda aýratyn nygtaldy.

Şeýle okuw maslahatlary etrabyň «Jeýhun», «Türkmenistan», S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiklerinde hem guraldy. Okuw maslahatlary dowam edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: