DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Jeff Bezos Ilon Maskdan öňe geçdi

“Bloombergiň” habaryna görä, “Amazon” kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda öňdäki orunlary eýeledi. Ol sekiz aýlap sanawda birinji orunda barýan Tesla, SpaceX we X internet ulgamyň eýesi Ilon Maskdan öňe geçdi.

Muňa, Tesla paýnamalarynyň bahasynyň 7 göterimden gowrak pese gaçmagy sebäp boldy. Bezosyň döwleti 200 milliard dollar, Maskda bolsa 198 milliard dollar diýlip çaklanylýar.

Sanawyň üçünji basgançagyny LVMH toparynyň eýesi Bernar Arno eýeleýär. Onuň baýlygy 197 milliard dollara deň. “Meta”-nyň başlygy Mark Sukerberg 179 milliard dollar bilen dördünji orunda barýar. “Microsoftyň” esaslandyryjysy Bill Geýts bäşinji orny eýeledi, baýlygy 150 milliard dollar diýlip bahalandy.

Dünýäniň iň baý on adamlarynyň sanawyna  “Microsoftyň” öňki baş direktory Stiw Ballmer (143 milliard dollar), “Berkshire Hathawaýyň” esaslandyryjysy Uorren Baffet (133 milliard dollar), “Oracle”-yň esaslandyryjysy Larri Ellison (129 milliard dollar) we “Google” -yň esaslandyryjylary Larri Peýž (122 milliard dollar) we Sergeý Brin (116 milliard dollar) girýär.

Jeff Bezos 2017-2020-nji ýyllarda dünýäniň iň baý adamy diýen ady saklap galdy. 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Mask ilkinji gezek iň baý adamlaryň sanawyna ýolbaşçylyk etdi. Şondan soň Bezos şol ýylyň fewral aýynda bary-ýogy iki gezek öňdeligi eýelemegi başardy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: