Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

«Windows 11»-i ähli kompýuterlere diýen ýaly goýup bolýar

Oct 8, 2021

«Microsoft» korporasiýasy özüniň resmi saýtynda apparat talaplaryny ödemeýän kompýuterlere «Windows 11» goýmagyň usullaryny açyp görkezdi, diýip «Российская газета» ýazýar.

Şeýle talaplaryň hatarynda — TPM 2.0 modulynyň bolmagy, ýöne hiç bolmanda, TPM 1.2 bar bolsa, onuň barlagynyň üstünden geçip bolýar. Mümkin bolan töwekgelçiligiň bardygyna düşünýän we ony kabul edýän ulanyjylara şeýle etmegi maslahat berýärler.

1. Reýestriň HKEY_LOCAL_MACHINE\SYSTEM\Setup\MoSetup bölümini açmaly.

2. Täze ýazgy döretmeli we oňa AllowUpgradesWithUnsupportedTPMOrCPU, тип REG_DWORD ady we 1 belgini bermeli.

Reýestriň redaktoryny ýapmaly we hususy kompýuteri öçürip, täzeden çatmaly.

Şondan soň progammany täzeleýiş merkezinden alyp, ýa-da elde goýup başlamaly.

Adblock
detector