YKDYSADYÝET

Halajyň hojalyklarynda pagta meýilnamalary berjaý edildi

Halaç etrabynyň Magtymguly adyndaky, «Pelwert», «Güneş» daýhan birleşiklerinde watan harmanyna «ak altyn» tabşyrmak boýunça borçnamalar üstünlikli amal edilýär. Bu daýhan birleşikleriniň 3-sine hem ukyp-başarnyklary bilen tanalýan, tejribeli hünärmenler ýolbaşçylyk edýärler ― diýip, welaýat neşiri ýazýar.

Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň başlygy Serdar Hudaýberdiýewiň neşiriň habarçysyna gürrüň berşi ýaly, hojalygyň kärendeçileri 1379 gektar gowaça ekilen meýdandan 3950 tonnanyň ýerine 4000 tonnadan geçirip «ak altyn» ýygnadylar. Daýhan birleşiginde kärendeçileriň 99-sy gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirdi. Kärendeçiler toparlarynyň 18-sinden 16-sy döwlete pagta tabşyrmak baradaky borçnamalaryny ýerine ýetirdiler. Galan 2-si hem pellehana golaýlaşdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: