DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Mourinýo ýene Benzemanyň tälimçisi bolup biler

Saud Arabystanynyň «Al-Ittihad» kluby portugaliýaly hünärmen Nunu Santu işinden aýrylandan soň, täze baş tälimçi gözleýär.
 Žurnalist Rudi Galettiniň internet ulgamlarynda habar berşi ýaly, “Al-Ittihad” guramasynyň ýolbaşçylary «Roma» toparynyň baş tälimçisi Joze Mourinony Saud Arabystanynyň toparyna tälimçilige çagyrmak isleýär.
 Ondan öň Joze Mourinonyň 2023-2024-nji ýyldaky möwsüminiň ahyrynda Rim klubyny terk etmek mümkindigi baradaky habarlar dargapdy.
 «Al-Ittihadyň» düzüminde portugaliýaly hünärmen, «Realda» bilen işlän fransuz hüjümçisi Karim Benzema hem bar.
 Mourinonyň «Romany» 2021-nji ýyldan bäri dolandyrýandygyny ýatladýarys. Ol 2021-2022-nji ýyldaky möwsümde Rim kluby bilen konferensiýa ligasynda ýeňiji boldy. Häzirki wagtda, «Roma» Italiýa çempionatyndaky ýaryşyň sanawynda 7-nji ýerde durýar. Mourinonyň şägirtleri 11 tapgyrdan soň 17 oçko toplady.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: