YKDYSADYÝET

Lebapda 310-a golaý pagta ýygyjy kombaýn işlediler

Şu ýyl Lebap welaýatynda pagta ýygymy möwsüminde ýygyjy kombaýnlaryň 308-sinden peýdalanylar.

Türkmen metbugatynyň berýän maglumatyna görä, şol kombaýnlaryň 218-si Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «John Deere» kysymly kombaýnlarydyr. Şeýle hem welaýatda möhüm oba hojalyk möwsüminde «MX-1,8» kysymly ýygyjy kombaýnlardan peýdalanylar.

Welaýatda pagta ýygymyna şu gün girişilendigini ýatladýarys. Sebitde 130 müň gektar ýerden 320 müň tonna «ak altyn» hasylyny almak meýilleşdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: