YKDYSADYÝET

«Giň dere» hususy kärhanasy gurluşyk harytlaryny öndürýär

«Rysgal» gazetiniň habar bermegine görä, «Giň dere» hususy kärhanasynda  her ýyl izogamyň 960 müň inedördül metri öndürilýär. Kärhanada öndürilýän izogamyň galyňlygy 3 millimetr, ini 1 metrdir. Ol rulon görnüşinde öndürilip, her rulonyň uzynlygy 10 metre deňdir. Kärhanada sargytlar esasynda hem önüm öndürilýär. Önümçilik üçin gerek bolan çig mal Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alynýar. «Giň dere» hususy kärhanasynyň önümleri ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň gurluşyk harytlary dükanlaryna ugradylýar. Kärhana geljekde öz önümlerini daşary ýurtlara eksport etmegi hem göz öňünde tutýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: