DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Germaniýda Angela Merkele meňzeş oýunjak aýylar satyldy

Nemes oýunjak öndüriji kompaniýasy, 16 ýyl Germaniýa Federatiw Respublikasynyň kansleri bolup işlän Angela Merkeliň hormatyna bir oýunjak aýy ýasady, diýip «atavatan-turkmenistan.com». saýty ýazýar.

Merkele meňzeşligi bilen geň galdyrýan, 40 santimetrlik oýunjagyň bahasynyň 189 ýewro barabardygy mälim edildi. Ýöne oýunjak aýylaryň gymmatlygyna garamazdan, gysga wagtyň içinde doly satylyp gutardy.

Germaniýanyň Bawariýa ştatynyň Koburg şäherinde ýerleşýän «Hermann-Spielwaren» oýunjak kompaniýasy Merkeliň wezipesinden gitjekdigini mälim edenden soň oýunjaklary öndürmäge başlady.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: