DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ýupiter näbelli obýekt bilen çaknyşdy

Bütin dünýäniň astronomlary Ýupiteriň näbelli obýekt bilen çaknyşandygynyň şaýatlary boldular. Bagty çüwen birnäçe suratça äpet saýýara baryp uranda ýagty saçan bu wakany surata düşürmek başartdy. Bu barada «Российская газета» ýazýar.

«Earth Sky»-niň habar bermegine görä bu ýatdan çykmajak waka 2021-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda bolup geçipdir. Gije bütin dünýäniň synçylary Ýupiteri synlapdyrlar. Olaryň ünsi saýýaranyň hemrasy Ionyň Ýupiteriň üstüne düşýän kölegesinde eglenipdir.

Arkaýynlygy ýalpyldap giden ýagtylyk bozupdyr. Ony diňe birnäçe astrosuratçylara surata düşürmek başardypdyr. Olar suratlaryny ýöriteleşdirilen astronomiki saýtlarda goýupdyrlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: