BIZE YAZYARLAR

Çagalar – biziň geljegimiz

Çagalary terbiýelemek we okatmak, olaryň beden we ruhy saglygyny goramak, berkitmek, başarnyklaryny ösdürmek, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen şahsyýeti kemala getirmek we mekdebe taýýarlamak terbiýeçileriň mukaddes borjudyr. 

Körpe nesilleri halka, Watana, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň  akyl we beden taýdan ösüşini kämilleşdirmek we  irki ösüşiniň ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak üçin dürli iş usullaryny ulanýarys

Mekdebe çenli döwür çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde wajyp orny eýeleýär. Bakja-bagymyzda körpelere sözleýşi ösdürmek, sowat öwretmek, ýönekeý matematiki düşünjeler, şekillendiriş sungaty, daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak boýunça sapaklar geçilýär. Çagalar bakja-bagymyzyň müdiri Leýli Taşowany ýolbaşçylygynda terbiýeçileriň arasynda halypa-şägirtlik gatnaşyklary talabalaýyk ýola goýulýar.

Sözleýşi ösdürmek boýunça sapaklar çaganyň dil, sözleýiş baýlygyny kämilleşdirýär, surat çekmek, ýelimlemek, şekil ýasamak, gurnamak çagada döredijilik başlangyjyny  kemala getirýär, daş-töwerege gözellik we ahlak duýgularyny döredýär. Çagalar sözleýiş arkaly özüni alyp barmagyň düzgünlerini özleşdirýär, şeýle-de olarda daş-töweregindäkiler bilen hoşniýetli aragatnaşykda bolmak, daş-töweregiň gözelligine guwanmak bilen öz duýgularyny dil bilen beýan edip bilmek endikleri kemala gelýär.

Çagalar bakja-bagymyzyň usulçysy Arzuw Dolyýewa çagalara sowat öwretmekde täzeçe iş usullaryny öwredýär. Sowat öwretmek sapaklarynda çagalara elipbiýiň ähli harplary öwredilýär. Çagalara ilki harp bölekleri, sözleriň şekilini ýazmak öwredilýär. Bu işler iş depderlerinde ýerine ýetirdilýär. Sapak wagtynda körpeler bilen olaryň ownuk barmak hereketlerini ösdürmeklige degişli ýörite maşklar ýerine ýetirilýär.  

Sapaklarda çagalar ýönekeý matematiki düşünjeler bilen tanyşýarlar. Olar matematiki düşünjeleri öwrenmek bilen sanamagy  we hasaplamagy, ýönekeý matematiki amallary çözmegi, ölçemegi, toparlamagy, saýlamagy, deňeşdirmegi we olary durmuşda  peýdalanyp bilmegi öwrenýärler. 

Bakja-bagymyzyň körpeleri sapaklaryň üsti bilen tebigat, taryhy wakalar, halk döredijiligi bilen tanyşýarlar. Sapaklar oýunlaryň, gezelençleriň üsti bilen gurnalýar. Olar bilen geçýän käbir sapaklarymyz  oýun görnüşinde guralýar.

 Çaga öz döredijiligine guwanýar,  olarda synçylyk ösýär, gözellige guwanmak terbiýelenýär, döredijilik başarnyklary kemala gelýär. Olar bu ýerde köpçülige öwrenişýär, bilmäge, öwrenmäge uýgunlaşýar, köptaraplaýyn ösýär, başlangyç bilimiň okuw maksatnamalaryny özleşdirmäge taýýarlanylýar.  

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň bilim terbiýeçilik edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek maksady bilen uly işler alnyp barylýar. Çaga kalbyna içgin aralaşmak, olaryň dünýäsine düşünmek terbiýeçiniň esasy aladasy bolýar. Onuň endikleri, hereketleri, sapaklary, aýdan sözleri her bir çaganyň geljekki ykbalyna üýtgeşik täsirini ýetirýär. 

Her bir çagada ukyplaryň birnäçesi bar. Zehin açylmasa, işledilmese, üsti ýetirilmese onuň ýitip gitmegi mümkin. Elbetde okatmagyň usulyýeti, çaga aňyýeti barada müňlerçe ylmy işler ýazyldy. Terbiýeçilik diňe endikler toplumy däl-de, müňlerçe ykballara öz täsiriňi ýetirmekdir. Küýzede şahalary egri ösüp barýan gül pudagyny dogrulap goýbermekdir. Çeşmeleri akarlara öwürmekdir. Palçykdan köşk galdyrmakdyr. 

Men hem öz toparymda terbiýelenýän körpeleriň ýaş aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, olar bilen gyzykly sapaklary gurmakda dürli iş usullaryndan ýerlikli peýdalanýaryn. Şol körpeleriň düşünjelerini ösmegi, sowatlylygynyň kämilleşmegi bolsa, biziň işimize has-da yhlasly ýapyşmagymyza ýardam edýär. Goý, bagtyýar çagalygyň ýurdunda çagalaryň gülki sesleri ýaňlanyp dursun!

Laçyn Berdiýewa,

Türkmenabat şäherindäki 26-njy çagalar bakja- bagynyň terbiýeçisi. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: