BIZE YAZYARLAR

Il saglygy — ýurt baýlygy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli we parasatly syýasatynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagynyň bilen ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy günsaýyn güýçli depginler bilen öňe barýar.  Ýurdumyzyň her bir künjeginde döwrebap halkara saglyk merkezleri, hassahanalar we saglyk öýleri gurlup ulanylmaga berilýär. Olar döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelip, häzirki zaman lukmançylyk enjamlary, işine ussat saglygy goraýyş işgärleri bilen doly üpjün edilýär. Saglygy goraýyş işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerine hem uly üns berilýär. Olara ýaşamak, dynç almak üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary berilýär. Saglygy goraýyş işgärleri hem Gahryman Arkadagymyzyň işlemek, ýaşamak we dynç almak üçin ähli mümkinçilikleri döredýändigine jogap edip, halkymyzyň saglygyny goramakda uly depgin bilen, netijeli zähmet çekýärler.

Ýurdumyzda ýokanç däl keselleriň öňüni almak maksady bilen giň gerimli işler döwlet derejesinde alnyp barylýar. Ýokanç däl keselleriň düzümine howply täze döremeler keselleri girýär. Bu keselleriň garşysyna toplumlaýyn, meýilnamalaýyn pudagara işler utgaşykly alnyp barylýar. Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi ilata onkologiýa kömegini bermekde baş edara bolmak bilen öz ugry boýunça ýurdumyzyň umumybejergi ulgamynyň saglygy goraýyş we onkologiýa edaralaryna guramaçylyk-usulyýet hem-de amaly-maslahat kömegini berýär, onkologiýa we serediş otaglaryna bolsa guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk edýär. Onkologiýa YKM-iniň bölümlerinde onkologiýa keselleriniň öňüni almak, kesgitlemek we bejermek boýunça amaly işleri alnyp barylýar. Onkologiýa YKM-iniň amaly işine täze, kämil, häzirki zaman öňüni alyş, kesgitleýiş we bejeriş usullarynyň amaly işe ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Ýylda her bir bölüm amaly işe ornaşdyrylan täze öňüni alyş, kesgitleýiş we bejeriş usullary barada hasabat berýär.

Ylmy-barlag işlerine welaýat onkologiýa hassahanalarynyň işgärleri hem çekilýär. Alymlary we kärine ussat işgärleri taýýarlamakda halypa-şägirtlik ýoly hem giňden ulanylýar. Onklogiýa YKM-i Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri bolup durýan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Çagalar gaznasy, Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyk edýär. Ýewropanyň, ABŞ-nyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň öňdebaryjy klinikalary bilen aragatnaşyk saklaýar.

Ilata onkologiýa kömegini berýän saglygy goraýyş ulgamynyň işine sanly ulgamy girizmek, elektron hasabatyň we aragatnaşygyň amaly işde ulanmaklygyna hem uly ähmiýet berilýär. Näsaglaryň her biriniň elektron hasabatynyň alnyp barylmagy bolsa olaryň keseli ýüze çykarylyp, hasaba alnan gününden başlap, hasapdan çykarylýan gününe çenli gözegçilik etmäge, geçirilen barlag-bejeriş usullaryna baha bermäge we iň netijeli usullary saýlap almaga mümkinçilik berýär. 

Onkologiýa YKM-i Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylygynda onkologiýa keselleriniň öňüni almak, olary kesgitlemek we bejermek boýunça toplumlaýyn häsiýetli işleri alyp barýar. Şeýle işler bolsa onkologiýa keselleriniň netijeli öňüni almaklyga, irki derejelerde ýüze çykarmaklyga we üstünlikli bejermeklige mümkinçilik berýär.

Goý, mähriban halkymyzyň saglygyny gorap saklamakda ägirt uly işleri amala aşyrýan hormatly Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömüri uzak bolsun!

Orazmuhammet Amanow,

onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň onkogematolog likmany.