DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

BSGG: dünýä boýunça 133 waksina taýýarlanylýar

Häzirki wagtda Ýer ýüzünde koronowirus pandemiýasyna garşy jemi 133 sany waksina işläp taýýarlanylýar. Bu barada Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň iri bölümleriniň biriniň ýolbaşçysy Maýkl Raýýan metbugata habar berdi.
«Häzir dünýä boýunça taýýarlanylýan 133 waksina bellige alyndy. Olaryň ählisi synag tapgyrlarynda» diýip, M.Raýýanyň beýanatynda aýdylýar. Olar waksinalaryň aglabasynyň, belki-de ählisiniň pandemiýa garşy güýçli derman bolup biljekdigine ynanýar.
Şeýle hem ol waksinalary işläp taýýarlaýjylaryň, esasan, koronowirusyň döreýiş zynjyrlaryny üzmäge ünsi güýçlendirýändigini nygtady.
Ýeri gelende aýtsak, BSGG COVID-19-y mart aýynda pandemiýa diýip yglan edipdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: