DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ýewropada 18 döwletiň arasynda serhetler açyldy

Ýewropa Bileleşiginiň Hemişelik komiteti 1-nji iýuldan başlap, 18 döwletiň arasynda serhetleriň açylandygyny habar berdi.
Ýöne pandemiýa bilen bagly hadysalaryň heniz durnuklaşmadyk döwletleri hökmünde Russiýadyr ABŞ bilen ykdysady gatnaşyklary dikeltmekde biraz saklanylýar.
ÝB-niň sanawa goşulan agzalary bilen hyzmatdaşlyklary dikeltmäge rugsat berlen döwletleriň arasynda Kanada, Ýaponiýa we Koreýa Respublikasy hem bar. Bileleşik ýakyn günlerde Hytaýy hem bu sanawa goşmagy meýilleşdirýär.
Serhetleriň açylmagy döwletiň arasynda howa gatnawlarynyň hem dikeldilýändigini habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: