Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Peresild we Şipenko agramsyzlyk ýagdaýyna garaşylanyndan çalt uýgunlaşýarlar

Oct 12, 2021

Aktrisa Ýuliýa Peresild we režissýor Klim Şipenko Halkara kosmos stansiýasynda agramsyzlyk ýagdaýyna göz öňünde tutulan wagtdan biraz ozup uýgunlaşýarlar. Bu barada «Roskosmosyň» baş direktory Dmitriý Rogozin habar berdi, diýip «ТАСС» ýazýar.

«Roskosmosyň» baştutanynyň aýtmagyna görä, bu lukmançylyk hünärmenleri üçin örän möhümdir. «Olar aktrisa bilen režissýora orbitada bolan wagtynyň köpüsini iş wagtyna sarp etmäge mümkinçilik bererler» diýip ol belledi.

Baş direktor uçuşa gatnaşýanlaryň saglyk ýagdaýy baradaky maglumatlaryň gije-gündiziň dowamynda azyndan üç gezek gelýändigini düşündirdi.

Peresild we Şipenko älemde kosmonawty halas etmek üçin orbita uçan lukman gyz hakynda birinji filmi surata düşürýärler. Oňa rus kosmonawtlary Anton Şkaplerow, Oleg Nowisskiý we Petr Dubow dagylar hem gatnaşýarlar.

Adblock
detector