YKDYSADYÝET

Gazbeton kärhanasynda ösüş depgini ýokarlandy

Gökdepe etrabynyň çägindäki Gazbeton kärhanasynda şu ýylyň geçen 8 aýynda 11 million 842 müň manatlyga golaý önüm öndürildi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 114 göterim ösüş depgininiň üpjün edilendigini aňladýar.

Önümler hiliniň ýokarydygy bilen tapawutlanýar. Kärhananyň önümçilik bölümlerindäki kämil enjamlaryň jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat infrastrukturasynyň desgalarynyň gurluşygy üçin ýokary hilli gazbeton önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde öndürilýän gazbeton önümleri, ondan ýasalýan dürli möçberdäki diwarlyk bloklar, ýylylygy saklaýjy önümler uly islege eýe.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: