YKDYSADYÝET

 «Arçaly depe» hojalyk jemgyýeti ýumurtga önümçiligini ýola goýdy

Işini Köýtendag etrabynda alyp barýan «Arçaly depe» hojalyk jemgyýetinde ýylyň başyndan bäri 45 müň sany ýumurtga öndürildi we söwda nokatlaryna ugradyldy.

Hojalyk jemgyýetiniň guşçulyk toplumy işine geçen ýylyň ahyrlarynda başlapdy. Bu ýerde ýylyň soňuna çenli 150 müňden geçirilip ýumurtga öndürildi. Häzirki wagtda toplumda 6 towuk idedilýär. Bu ýerde towuk etini hem öndürip başladylar.

Guşçulyk toplumyň iým goruny üpjün etmek üçin hojalyk jemgyýetine uzak möhletleýin peýdalanmak üçin 90 gektar ýer bölegi bölünip berildi. Onda bugdaý, arpa, ýorunja we beýleki iýmlik ösümlikler ekilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: