Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Gaz kondensatynyň we tebigy gazyň täze ýatagy açyldy

Oct 28, 2021

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazçykaryş» ekspedisiýasynyň geologlary Hazaryň kenaryndaky Uzynada meýdançasyndaky 13-nji gözleg-barlag guýusynda 6860 çuňlukda nebitgaz kondensatynyň we «mawy ýangyjyň» ägirt uly gorunyň üstüni açdylar.

Ekspedisiýadan berlen maglumatlara görä, bu guýudan bir gije-gündiziň dowamynda 105 tonna golaý nebitgaz kondensatyny, 120 müň kub metr tebigy gazy alyp bolýar.

13-nji gözleg-barlag guýusynyň «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň geologlary tarapyndan henize çenli gazylan iň çuň guýularyň biridir. Korporasiýasynyň taryhyndaky iň çuň guýy hem häzir «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasy tarapyndan gazylýar. Gazylýan 15-nji gözleg-barlag guýusynyň taslama çuňlugy 7 müň 600 metre çenli ýetýär. Häzir geologlar bu çuňlugyň 5,5 müň metrine baryp ýetdiler. Ýakyn günlerde bu topardan hem hoş habara garaşylýar.

Adblock
detector