YKDYSADYÝET

117,9 göterim ösüş depgini gazanyldy

Bu görkeziji Gökdepäniň gön zawodyna degişlidir. Ýagny üstümizdäki ýylyň ýanwar aýynda kärhanada bahasy 1 million 176 müň manatdan gowrak iş edilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 117,9 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Kärhananyň önümçilik bölümleri gön önümçiligi boýunça kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Ýylyň ilkinji aýynda kärhananyň hünärmenleriniň tagallalary bilen dürli görnüşdäki we ölçegdäki, ekologik taýdan arassa gön önümleri taýýarlandy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: