JEMGYÝET

Türkmenistanda täze baglar dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow özüniň Karary bilen Türkmenistanda 2023-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň oturdylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Resminama laýyklykda ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine we beýleki edaralara 1,5 million düýp nahalynyň, welaýatlaryň häkimliklerine 1,5 million düýp nahalynyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri miweli baglaryň we üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini hem-de ekilen saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

Şeýle hem, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine ýeterlik mukdarda üzüm, şeýle-de 3 ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek hem-de şolaryň ekilişine we ideg edilişine gözegçilik etmek tabşyryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: