YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda gök önümleri we miweleri gaplamak dowam edýär

Şu günler Lebap welaýatynyň gök önümleri we miweleri gaplaýan kärhanalarynda konserwirlemek işleri güýçli depginde dowam edýär. Eýýäm welaýatyň telekeçileri 573,4 müň şertli bankadan geçirilip gök önümleri we miweleri gapladylar.

Kerki etrabyndaky «Ýakyn dost» hojalyk jemgyýeti diňe iýun aýynda 62 müň şertli bankadan gowrak şerbet, 31 müň şertli bankadan gowrak mürepbe gaplanyldy. Çärjew etrabyndaky «Miwe merkezi» hojalyk jemgyýetinde bolsa ýylyň birinji ýarymynda 374 müň şertli bankadan gowrak gök önüm taýýarlanyldy. Onuň 46 müň bankasy geçen aýda taýýarlanyldy. Kerki etrabyndaky «Şypaly önümler» daýhan hojalygynda bolsa şu ýylyň birinji ýarymynda 573 müň şertli bankadan gowrak gaplama önümler taýýarlanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: