JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk işgärlerini sylaglady

 Türkmenistanyň Prezidentiniň özüniň Permany bilen oba tapawutlanan oba zähmetkeşleriniň bir toparyny Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglady.

Olaryň arasynda Lebap welaýatynyň oba zähmetkeşleri hem bar:

Kerki etrabynyň «Mürzebeg gala» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ogulsenem Döwletowan,

Saýat etrabynyň «Ýalkym» daýhan birleşiginiň baş agronomy Agamyrat Taganowiç Öwezow,

Darganata etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Aýna Akmuradowna Jumadurdyýewan.

Permanda olaryň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmekde gazanan uly üstünlikleri, Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli» sylaglanylýandygy aýdylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: