YKDYSADYÝET

Çaga eşikleriniň 400-den gowrak görnüşi tikilýär

«Esli» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasynda pasla görä çagalar üçin niýetlenen egin-eşikleriň 400-den gowrak görnüşi tikilip ilata hödürlenýär.

«Besti» haryt nyşanly egin-eşikleri sarp edijileriň ösen isleginden peýdalanýar. Kärhana her aýda 40 müň sany çaga eşigini öndürmek kuwwatyna eýe bolup, ol ýerde 6 aýlyk bäbeklerden başlap, 14 ýaşa çenli çagalara niýetlenen egin-eşikler tikilýär. Olaryň hatarynda sport eşikleridir toý köýnejikleri, başgaplar, ellikler, ýokary hilli trikotaždan dürli görnüşli egin-eşikler hem bar. Şu günler pasla görä sargytlar esasynda-da egin-eşikler tikilip, içerki we daşarky bazarlara ýerlenýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: