MEDENIÝET

Türkmenistanda halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler

Şu ýylyň 10-11-nji oktýabrynda Türkmenistanda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler.

Bu sergä halkara guramalaryň hem-de daşary ýurtlaryň derman serişdelerini we lukmançylyk maksatly önümleri, lukmançylyk, sport enjamlaryny öndürmäge, bilim tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaga ýöriteleşen 30-dan gowrak ýurdundan 150-den gowrak kompaniýanyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Şeýle-de utgaşykly görnüşde geçiriljek ylmy maslahat dünýäniň 20-ä golaý döwletinden daşary ýurtlaryň esasy ýokary okuw mekdepleriniň alymlaryny, professorlaryny bir ýere jemlär.

Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 30-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde aýdyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: