JEMGYÝET

Lebap welaýat çagalar kitaphanasynda edebiýat agşamy geçirildi

 Lebap welaýat çagalar kitaphanasynda çagalar ýazyjysy, şahyr Giçgeldi Aşyrowyň ömri we döredijiligine bagyşlanan edebiýat agşamy geçirildi. Ony welaýat çagalar, Köýtendag etrap merkezi kitaphanalarynyň hem-de welaýat baş bilim müdirliginiň bilelikde guradylar. Oňa Türkmenabat şäherindäki orta mekdepleriň okuwçylary, mugallymlary, döredijilik we medeniýet işgärleri gatnaşdylar.

Agşamda şahyryň gyzy, Çärjew etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Dünýägözel Aşyrowa, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, sungaty öwreniji Oral Temirow we şahyr Böri Gurdow dagylar lebaply meşhur şahyryň ömri we döredijiligi barada gürrüň berdiler.

Soňra şahyryň goşgularynyň esasynda goýlan «Ýekegapan», «Köne erteki», «Gurjaklaryň özara söhbedi» ady  bilen gurjak sahnalary  görkezildi, aýdymlar ýerine ýetirildi. Kitaphananyň okalga otagynda  guralan «Şadyýan çeşme» atly kitap sergisinde Giçgeldi Aşyrdowyň kitaplary, ömri we döredijiligi baradaky maglumatlar goýuldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: