BILIM

Türkmenabatdaky mekdebiň okuwçylary ýol hereketi boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji boldular

Welaýat baş bilim müdirliginiň hem-de welaýat polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň bilelikde guramaklarynda Lebap welaýatynyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde «Ýol hereketiniň ýaş gözegçileri» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenabat şäherindäki 40-njy orta mekdebiň binýadynda geçirilen bäsleşige orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar.

Bäsleşigiň şertlerine görä, toparlaryň agzalary ýol hereketi boýunça ýörişleri ýerine ýetirmekde, şikeslenmede ilkinji kömek bermekde, şeýle-de ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý etmekde özleriniň başarnyklaryny görkezdiler.

Netijede, Türkmenabat şäherindäki 11-nji orta mekdebiň topary baş baýraga, Köýtendag etrabyndaky 32-nji orta mekdebiň topary birinji, Çärjew etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň topary ikinji, şol etrapdaky 45-nji orta mekdebiň topary bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňiji bolan toparyň agzalary bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Gyzykly geçen bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäher geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: