BILIM

Türkmenabatda hoşallyk maslahaty geçirildi

Şu gün Lebap welaýat häkimliginde hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumyny gurmak baradaky Karary mynasybetli geçirildi.

Hoşallyk maslahatynda çykyş edenler 5 müň orunlyk täze binalar toplumynyň Türkmenistandaky iň uly institut şäherçesi boljakdygyny aýratyn nygtadylar. Munuň üçin olar döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul edildi. Bu ýerde welaýatyň görnükli sungat işgärleriniň aýdym-sazlary hem ýaňlandy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 14-nji iýunda gol çeken Kararyna laýyklykda, institutyň täze binalar toplumynyň gurluşygyna şu ýylyň sentýabr aýynda badalga berler. 2026 ― 2027-nji okuw ýylyndan başlap bolsa intitut bilim bermek işini täze binalar toplumynda alyp barar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: