Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumy gurlar. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, institutyň täze binalar toplumy 5 müň orunlyk bolar. Onuň gurluşygy «Nahal» hojalyk jemgyýetine ynanyldy. Bu hojalyk jemgyýeti Türkmenabat şäherinde welaýat köpugurly hassahanasynyň gurluşygyny hem amala aşyrdy.
Kararda gurluşyk işlerine şu ýylyň sentýabr aýynda başlamak we täze binalar toplumyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga bermek bellenilýär.