TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenabat şäherinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan ýöriş geçirildi

Türkmenabat şäherinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa Lebap welaýatynyň edaralarynyň, kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, türgenler gatnaşdylar.
Welosipedçiler birnäçe kilometr aralygy geçmek üçin ýörişi Amyderýanyň üstünden gurlan awtomobil köprüsinden başladylar. Säher bilen olary şähere tarap ýola düşdüler we welaýat merkeziniň birnäçe köçelerini geçenlerinden soň Bitarap Türkmenistan köçesine ýetdiler. Bu köçäniň ugry bilen welosipedçiler 10 müň orunlyk sport topluma tarap ugradylar we toplumuň öňünde saklandylar. Bu ýerde çärä gatnaşyjylary sungat ussatlary joşgunly aýdymlar we tanslar, türgenler çykyşlar bilen garşy aldylar.
Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan çäreler Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň binalarynyň öňünde hem guraldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply