BIZE YAZYARLAR

Taryhy sapaga bagyşlanan maslahat geçirildi

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat Agrosenagat orta okuw mekdebiniň mugallymlarynyň, talyplarynyň hem-de iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly maslahat taryhy çärä — täze okuw ýylynyň ilkinji gününde Gahryman Arkadagymyzyň geçiren umumy okuw sapagyna bagyşlandy.

Taryhy sapakda eziz Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşy diňe bir talyplar ýa mekdep okuwçylary üçin däl, mugallymlar üçin hem täze okuw ýylyndaky esasy ýolgörkezijä öwrüldi. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň ýeten beýik sepgitleri barada aýdanlaryny guwanç bilen diňledik, berlen öwüt-nesihatlary okuwda ýörelge edinmek üçin özümize belläp aldyk.

Mekdebimizde geçirilen dabaraly maslahatda çykyş edenler gymmatly wagtyny sarp edip, beren nesihatlary, öwütleri, orta atan başlangyçlary üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Jennet BAÝRAMOWA,

Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: