JEMGYÝET

«Maşa we Aýy» multfilminiň ýedinji möwsümi taýýar edildi

Çagalara hoş habar bar.  «Maşa we Aýy» multfilmi ýedinji möwsümi bilen ekranlara dolanýar. Bu barada «Animaccord» studiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.  Studiýa köp bölümli multfilmi «YouTube» kanalynda paýlaşdy.

Bu möwsümiň sýužetinde gahrymanlar tokaýdan çykyp, şähere baryp görerler. Indi aýynyň öýünde şäher ýaşaýjylary hem myhmançylykda bolar.

«Animaccord» studiýasynyň rus animasion taslamasy halkara tomaşaçylaryň arasynda mekdebe çenli ýaşly çagalar üçin iň isleg bildirilýän taslamasy diýlip ykrar edildi.

«Maşa we Aýy» multfilmi «YouTube» -da iň köp tomaşa edilýän animasion filmdir. Häzirki wagtda 45-den gowrak dile terjime edilip, başga-da birnäçe ýurtlarda görkezilýär. Umumy tomaşa edýänleriň sany bolsa 147 milliarddan geçdi. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: