YKDYSADYÝET

Lebapda 75 müňe ýakyn owlak-guzy alyndy

Lebap welaýatynyň maldarlary üstümizdäki ýylda hem owlak-guzy möwsümini üstünlikli geçirip, göz öňünde tutulan 73 müň 772 owlak-guza derek, 74 müň 708 sany owlak-guzy almaklygy başardylar we bu baradaky meýilnamany irki möhletlerde artygy bilen amal etdiler.

Şu möwsümde alnan owlak-guzularyň ählisiniň ösdürime goýberilmegi, olaryň sagdyn kemala gelmekleri üçin hünärmenler, weterinar lukmanlar we çopanlar tarapyndan edilýän yzygiderli aladalar mallaryň baş sanynyň ep-esli artmagyna getirer.

Maldarlaryň gazanan üstünliklerinde dowarlardan owlak-guzy almak baradaky meýilnamalaryny ilkinjiler bolup berjaý eden Çärjew etrabyndaky «Serdar», Halaç etrabyndaky «Garagum», Saýat etrabyndaky «Jeýhun» maldarçylyk hojalyklarynyň aýratyn goşantlarynyň bardygyny buýsanç bilen aýtmak bolar. Ýokary netijäniň gazanylmagynda Hojambaz etrabyndaky «Tallymerjen», şeýle hem Köýtendag etrabyndaky «Köýtendag» maldarçylyk hojalyklarynyň hem saldamly goşantlarynyň bardygy hem bellärliklidir

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: