YKDYSADYÝET

Kerkidäki kärhana bir ýylda 2,7 müň tonna çörek we çörek önümlerini öndürdi

Kerki çörek kärhanasynda geçen ýylda 2 müň 770 tonna çörek we çörek önümlerini öndürmek meýilleşdirilip, bu görkeziji 6 müň 321 tonna ýetirildi. 

Degişli döwürde öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 11 million 718 müň manatlyga deň boldy. 

Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde çörek we çörek önümlerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Kärhanada öndürilýän «Ruhubelent», «Altyn däne», «Altyn asyr», «Höwesli» ýaly haryt nyşanly ýokary hilli çörek we çörek önümlerine islegler barha artýar.

Kärhananyň ýokary hilli önümleri alyjylaryň uly isleginden peýdalanýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: