BIZE YAZYARLAR

Her setiriň dür, Pyragy!

Türkmeniň ruhy dünýäsiniň, edebiýatynyň, medeniýetiniň, ylmynyň hem-de nesil terbiýesiniň milli öwüşginde kemala gelmeginde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömrüniň we döredijiliginiň ähmiýeti juda uludyr.

Ady äleme dolan beýik söz ussadymyzyň döredijiliginde, onuň gyzyldan gymmatly baý edebi mirasynda terbiýeçilik meselesi, ýagny öwüt-ündewleriň şöhlelendiriliş ýagdaýyny yzarlamak, olary ylmy derňewe çekmek, jemgyýetçilige ýetirmek meselesi uly ähmiýete eýedir.

Mälim bolşy ýaly, dana şahyryň döredijilik örüsi örän giň bolupdyr. Onuň umman paýhasynyň baý edebi mirasynyň agramly bölegini ynsanperwerlik, durmuşy meseleler, ahlaky we terbiýeçilik öwüt-ündewler tutýar. Beýik akyldar halka öwüt-nesihat bermegi özüniň mukaddes borjy hasaplapdyr. Şahyryň parasatly hem dana sözleri nakyllara, atalar sözüne öwrülip, il arasynda henize-bu güne çenli dilden düşmän gelýär.

«Ýagşy gylyk duşmanyňy dost eýlär», «Adam ogly bäş gün duza myhmandyr», «Ömür saly artar alkyş alanyň», «Ok urar bolsaň, ok ur nebsiň gözüne», «Kemlik eýle, kemal bar // Menlik etme, zowal bar» ýaly pähimleri bu günki gün hem halkyň kalbynda ýaşaýar. Şahyryň şygyrlarynyň çeper we täsirli bolmagy onuň türkmen diliniň içki baýlyklaryny, onuň sözlük goruny ussatlyk bilen ýerlikli ulanmagyndadyr.

Magtymguly Pyragy özüniň dünýewi garaýyşlarynda turuwbaşdan halka, il-güne golaý durupdyr. Ol özüniň goşgularynda ilki bilen halk bähbitlerinden ugur alypdyr, halkyň aladasy bilen ýaşapdyr. Akyldar şahyr durmuşyň manysynyň iliň-günüň derdine ýaramakdygyny ündeýär, ýagşy işlere ýaran bolmagy nygtaýar.

Akyldar şahyryň ata Watany söýmek, adam mertebesini belende götermek, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly öwüt-ündewleri häzirki döwrümizde ýaş nesillerimiziň kalbynda hemişelik orun alýar. Akyldar adamlaryň hemişe ýagşylyk etmeklerini, ejizlere hossar çykmaklaryny, il-günüň alkyşyny almaklaryny isläpdir. Şahyryň ahlak, päk söýgi, mertlik, watançylyk ýaly meselelere bagyşlanan şygyrlary ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.

Döwürler geçip, döwranlar geldigiçe Magtymgulynyň sarpasy jahana ýaýrar. Çünki ol döwürleriň, ömürleriň, göwünleriň şahyryna öwrülip, bakylyga ýol salan mirasy nesillere galdyrdy.

Gurbangül EMINOWA,

Çärjew etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň fizika mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: