JEMGYÝET

Ekologiýa abadançylygyna bagyşlandy

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli welaýat kitaphanasynda «Ekologiýa abadançylygy — bagtyýar durmuşyň kepili» atly söhbetdeşlik guraldy.

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de şu medeniýet ojagynyň bilelikde guran çäresine partiýanyň işjeň agzalary, welaýatymyzdaky döwlet tebigy goraghanalarynyň ylmy işgärleri, orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Onda çykyş edenler Türkmenistanda tebigaty goramak, biologik köpdürlüligi saklamak, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak, suwy tygşytly peýdalanmak boýunça amala aşyrylýan işler barada birin-birin gürrüň etdiler. Söhbetdeşlikde çykyş edenler daşky gurşawy gorap saklamagyň abadan durmuşyň kepilidigini nygtadylar.

Şol gün bu ýerde Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan täze çap edilen kitaplaryň sergisi hem guraldy. Kitaphanaçylar täze neşir edilen kitaplara syn berdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: