Yslam dünýäsiniň mukaddes ýerleri hasaplanýan Mekge we Medine şäherlerine haj parzyny berjaý etmek üçin giden ildeşlerimiz Watanymyza dolanyp geldiler. Saud Arabystany Patyşalygyna zyýaraty amala aşyran toparyň agzalary haj parzyny ýerine ýetirmek babatda döwlet tarapyndan alada edilýändigi üçin hajy Arkadagymyza we Arkadagly hajy Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.
Şu ýyl ýurdumyzdan Mekgä we Medinä zyýarata giden ildeşlerimiziň umumy sany 3 müňe golaýlaýar. Olar sekiz topara bölünip, kesgitlenen tertipnama boýunça Saud Arabystany Patyşalygynda zyýaratda boldular. Kalbynda ýagşy umyt-arzuwlary beslän ildeşlerimiz keramatly toprakda bolup, haj parzynyň ähli şertlerini amal etdiler. Olaryň bu ugurda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmaklary üçin ähli zerur şertler döredildi. Munuň üçin olar Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini öwran-öwran beýan etdiler. Haj parzyny berjaý eden ildeşlerimiz Gahryman hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly hajy Serdarymyzyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Zyýaratçylar haj zyýaratyndan dolanyp geldiler

25
Jun