BIZE YAZYARLAR

Zyýanly endigiň zeleli

Biziň döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda sagdyn durmuşda abadan ýaşamak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ajaýyp Watanymyzda adam saglygy hakynda alada ähli zatdan ilerde goýulýar. Şol aladanyň özenini bolsa ynsan saglygyna zyýan ýetirip biljek käbir nogsanlyklaryň öňüni almak düzýär. Şeýle ýaramaz pişeleriň ilkinjileriniň hatarynda çilimkeşligi aýratyn belläp bolar.

Çilimkeşlik  örän zyýanly endikleriň biridir. Eger-de çilimkeşlik 15 ýyldan aşan bolsa has hem howpludyr.  Ýaşyň ulaldygyça, täze döreme keseliniň töwekgelçiligi hem köpelýär, çilimkeşde ol 35 ýaşdan soň has howply bolýar.

Öýken täze döremesiniň üsgülewük, demgysma, agramyň peselmegi, kükrekde agyry döremegi, esasan hem uludan dem alnanda kükregiň agyrmagy ýaly alamatlary bar. Eger-de, näsag 30 ýaşly bolup, çilim çekmeýän bolsa, düwün 8 mm-den kiçi bolsa kompýuter tomografiýasy barlagy gaýtalanýar we eger bir ýyldan soň düwün ösmeýän bolsa ol gorkuly däldir.

Umuman, zyýanly endikler adamyň ömür dowamlylygyny kemeldýär. Çilim çekmeklik diňe bir çilimkeşiň saglygyna zyýan ýetirmän, eýsem, onuň töweregindäki sagdyn adamlaryň bedenine hem ýaramaz täsirini ýetirýär. Şonuň üçin temmäki önümlerinden daşda durmaly. Her bir adam säher bilen turup ylgamaly, ertirki maşklary ýerine ýetirmeli, kadaly we dogry iýmitlenmeli, sport bilen meşgullanmaly, sagdyn durmuş ýörelgelerini alyp barmaly, açyk howada gezelenç etmeli.

Her ýylyň maý aýynda bütin dünýäde çilimkeşlige garşy göreş çäreleri köpçülikleýin geçirilýär.Ýurdumyzyň beýleki saglygy goraýyş merkezlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzdaky hassahanalarda, saglyk öýlerinde bu mesele boýunça wagyz-nesihat işleri netijeli alnyp barylýar.

Halkyň saglygy hakynda gije-gündiz alada edýän, ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize ak ýürekden alkyş aýdýarys.

Agamyrat Rozyýew,

Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň anesteziolog-reanimatolog lukmany.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: