MEDENIÝET

Žurnalist Mämmetgylyç Kütiýew aradan çykdy

Baýry žurnalist, welaýat «Türkmen gündogary» gazetiniň jogapkär kätibi Mämmetgylyç Kütiýew agyr keselden soň, 14-nji sentýabrda aradan çykdy. Halypa žurnalist şol gün Saýat etrabynyň Akgala geňeşligindäki dogduk obasynyň gonamçylygynda jaýlanyldy.
Mämmetgylyç Kütiýew uzak ýyllardan bäri türkmen žurnalistikasyna hyzmat edip gelýär. Ol welaýat neşirinde jogapkärli wezipeleriň birnäçesini alyp bardy. Mämmetgylyç aga galamyny ezber ýöredýän ýazyjy hökmünde-de meşhurdyr. Onuň galamyndan çykan hekaýalar okyjylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy.
«Jeyhun.news»-iň döredijilik topary halypa kärdeşimize iman baýlygyny dileg edýär!