SPORT WE SYÝAHAT

Žorže Žezuş Aşgabadyň Olimpiýa stadionyna ýokary baha berdi

Saud Arabystanynyň “Al-Nassr” futbol toparynyň baş tälimçisi, portugaliýaly hünärmen Žorže Žezuş Aşgabadyň Olimpiýa stadionyna ýokary baha berdi. Ol bu barada “Arkadag” topary bilen geçirilen duşuşykdan soňky metbugat maslahatynda şeýle diýdi:
― Duşuşygyň örän ajaýyp stadionda we ajaýyp atmosferada geçirilendigini aýtmak isleýärin. Meýdan asla oýnuň gidişini bökdemedi? Janköýerler ýerli topary başdan aýaga goldadylar. Aşgabatdaky duşuşyk biziň üçin hem ýakymly ýatlama bolar. Portugaliýaly tälimçi, şeýle hem, gyzgyn myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi. Ol Aşgabadyň binagärlik gurluşyna hem ýokary baha berdi. Tälimçi türkmen paýtagtyny “Ajaýyp şäher” diýip atlandyrdy.