BIZE YAZYARLAR

Zeýtunyň peýdasy

Zeýtun – ömrüňi uzaldýan önümleriň biri. Ol tebigatyň halka beren peşgeşidir. Zeýtunyň ýagyny bolsa kardiolog lukmanlary ynsan ömrüni uzaldýan önümleriň biri hökmünde mälim etdiler we muny aňryýany bilen tassykladylar, subut etdiler. Olaryň pikirine görä, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak üçin iki sany önümiň deregine zeýtun ýagyny peýdalanmak gerek. Munuň üçin maýonezi hem-de margarini zeýtun ýagy bilen çalyşmak ýeterlik. Bu barada kardiologlar, Garward uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetiniň wekilleri Amerikanyň kardologiýa kollejiniň jurnalynda mälim etdiler.

Ýürek-gan damar kesellerinde azyk önümleriniň ähmiýeti boýunça geçirilen barlaga 90 müňden gowrak isleg bildirýänler gatnaşdy. Anyklanylyşy ýaly, 10 gram margarin, maýonez ýa-da saryýag şunça mukdardaky zeýtun ýagy bilen çalşylsa, ýürek-gan damar keselleriniň ýüze çykmak howpy azalýar. Garwardyň alymlarynyň maglumat bermegine görä, zeýtun ýagynyň tiz-tizden peýdalanylmagy ýürek-gan damar kesellerini azaldýar. Şeýle-de zeýtun ýagy onkologiýa keselleriniň iň howplusy bolan  rak keseliniň ýüze çykmak howpuny hem kemeldýär. Hut şonuň üçin adamlar zeýtuny we önuň ýagyny tebigatyň ynsana eçilen nazly nygmaty hökmünde garaýarlar we köp iýýärler. Zeýtun we onuň ýagynyň esasan hem Türkiýede has-da halanýan önümleriň biridigini aýratyn bellemek gerek.

 Alijan Mamaniýazow,

Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň buhgalterçilik hasaba alnyşy hünäriniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: