BIZE YAZYARLAR

Zeýtun ýapragy

Ýagynyň hili boýunça beýleki ösümliklerden tapawutlanýan zeýtunyň   diňe  bir özüniň däl, eýsem, ýapragynyň hem saglygymyza peýdalydygy anyklanyldy. Indoneziýaly  alymlar zeýtun ýapragyndan öndürilen dermanyň ýürek kesellerinde  we gan basyşynyň ýokarlanmagynyň öňüni almakda örän haýyrlydygyny  habar berdiler.  Geçirilen barlaglarda  onuň ýokary gan basyşyny kadalaşdyrmakda beýleki dermanlar ýaly täsirlidigi aýdylýar. Şeýle hem ol gandaky trigliserit ýagynyň mukdaryny azaldyp, ýürek, ysmaz keselleriniň howpunyň öňüni almaga kömek edýär.

Taýýarlan Maýsa Baýramowa,

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: