YKDYSADYÝET

Zeýitdäki suw howdanynyň mümkinçilikleri giňeldiler

2026-njy ýylda Garagum derýasynyň baş saka böleginde ýerleşýän «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» suw howdanynyň täze suw ýatagy — Zeýit taslamasynyň mümkinçilikleri giňeldiler. Bu barada «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» bellenilýär. Maksatnama laýyklykda, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, ýer we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak hem-de melioratiw ýagdaýy gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylar.
Zeýitdäki täze suw ýatagynyň gurulmagy we onuň kuwwatynyň artdyrylmagy suw serişdelerini tygşytly dolandyrmaga, ekerançylyk meýdanlaryny durnukly suw bilen üpjün etmäge şert döreder. Şeýle hem Garagum derýasynyň suw geçirijiliginiň ýokarlandyrylmagy oba hojalyk önümçiliginiň möçberini artdyrmaga, ekologik taýdan arassa önümçilikleri ösdürmäge hem-de daşky gurşawy goramaga hyzmat eder.