YKDYSADYÝET

Zergerdäki kärhana Türkmenistanyň iki welaýatynda ýaşaýyş jaýlaryny gurýar

Türkmenabat şäherindäki Zerger «Demirbetonönümleri» kärhanasynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda gurnama demirbeton önümleriniň 11 müň 97 kub metri öndürilip, bu baradaky meýilnama 106,15 göterim berjaý edildi. Ösüş depgini 109,16 göterime ýetirildi.

Şeýle-de bu döwürde harytlyk betonyň 255 kub metri, derýa çägesiniň 20 müň 161 kub metri, keramzidiň bolsa 7 müň 112 kub metri öndürildi.

Zerger «Demirbetonönümleri» kärhanasy önümçilikden daşary ýurdumyzyň çar künjeginde gurluşyk-gurnama işlerini hem alyp barýar.

Kärhana tarapyndan häzirki günlerde welaýat merkezimizde we Balkanabat, Baýramaly şäherlerinde ýaşaýyş jaýlary gurulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: