Zeňňibaba
Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde tebigy goraghanalaryň, çäkli goraghanalaryň birnäçesi bar bolup özleriniň täsin tebigaty, ajaýyplyklary bilen tapawutlanýarlar. Şolaryň biri hem Zeňňibaba meýdanynda ýerleşýän Zeňňibaba kölü we onuň kenarýaka gözellikleridir. Daşoguz welaýatynda, Gaplangyr döwlet
tebigy goraghanasynyň çäklerinde ýerleşýän Zeňňibaba meýdany, Daşoguz welaýatynyň merkezinden 180 km günorta-günbatarda ýerleşýän Zeňňibaba kölüniň tutýan meýdany 2470 gektara barabar bolup ol kölüň daş töwereginde sazak tokaýlyklary, öri meýdanlary bar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Milli tokaý maksatnamasynyň kabul edilmegi bu zolagyň ösümlik dünýäsiniň goralyp saklanmagyna öz täsirini ýetirdi.
Halk arasynda dilden-dile geçip gelýän rowaýatlara göra Zeňňibaba atly gudratly adam ýaşapdyr. Halk rowaýatlarynda Zeňňibaba sygyryň Piri hasaplanypdyr. Bu ynanjyň nireden gelip çykany hemmämize gyzykly bolsa gerek. Bu keramatly adam daş-töweregi otdan bolan süýji suwly kölüň gapdalyndaky
beýiklige otyryp, şol meýdanda sygyr bakypdyr. Şol beýikligiň üstünde Zeňňibabanyň gubury biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Bu täsin ynanja ynanan halkymyz bu kölüň adyny şonuň üçin Zeňňibaba köli diýip atlandyrypdyr.
Zeňňibaba kölüniň, ýerleşýän ýeriniň tebigaty özüniň owadanlygy, täsinligi bilen tapawutlanýar. Kölüň kenarynda ösümlikleriň 45-den gowrak görnüşi hasaba alnan bolup, gara sazak tokaýlyklarynyň gürligi görenleri haýrana goýýar. “Taryhy bar halk baý halkdyr” diýen atalar sözüne eýeren milletimiz taryhda edim-gylymlaryny, dini ynançlaryny, rowaýatlaryny hormatlap biziň günlerimize getiripdirler.
ŞABERDIÝEWA Şemşat,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat
agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby