Zemini läle-reýhana besläp gelen bahar paslynyň ilkinji günlerinde ýaz göwünli eneleriň, gelin-gyzlaryň baýramçylygy bolan Halkara zenanlar güni giňden bellenilýär. 1910-njy ýyllarda işleýän zenanlaryň deň hukuklar, mynasyp zähmet şertleri baradaky göreşlerine raýdaşlyk bildirilýän sene hökmünde ýüze çykan bu baýramçylyk häzirki zaman şertlerinde düýbünden täze mazmuna eýe bolýar. 1975-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 8-nji mart «Halkara zenanlar güni» diýlip resmi taýdan yglan edildi. Bu halkara sene Bitarap Türkmenistanyň milli senenamasynda hem aýratyn orun alyp, ol mährem eneleriň maşgala ojagynyň öňündäki, nesilleri terbiýelemekdäki hyzmatlarynyň, zenanlaryň gazanan üstünlikleriniň, jemgyýetdäki ornunyň ykrar edilýän güni hökmünde şatlyk-şowhuna beslenýär.
Däp bolşy ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda-da ýurdumyzda Halkara zenanlar güni giňden dabaralandyryldy. Mart aýynyň başynda hormatly Prezidentimiziň degişli Buýruga gol çekmegi bilen, edara-kärhanalarda zähmet çekýänlerden başlap, pensiýadaky enelere, mekdep okuwçylaryna, çagalar baglarynda terbiýelenýänlere çenli ähli gelin-gyzlarymyz pul sowgatlaryny buýsanç bilen kabul etdiler. Baýramçylygyň öňüsyrasynda «Ýylyň zenany», «Talyp gözeli» bäsleşikleriniň ýeňijileri yglan edildi. Ýurdumyzyň ilatynyň Halkara zenanlar gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, 8-nji martdaky dynç güni 9-njy marta — duşenbe gününe geçirildi. Diýarymyzyň çar künjeginden sekiz we şondan köp çagany dünýä indirip, terbiýeläp ýetişdirýän eneleriň 235-si döwlet Baştutanymyzyň Permany esasynda «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp boldy. Köp çagaly eneleriň birnäçesine döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açaryny alyp, täze öýünde goşa toýy bellemek miýesser etdi. Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde, Söwda-senagat edarasynda geçirilen baýramçylyk konsertleri öňdebaryjy zenanlaryň ençemesini bir ýere jemläp, olar üçin özboluşly döredijilik sowgadyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz zenan mukaddesligini belende göterip, mährem enelerimize, gülden näzik gelin-gyzlarymyza hormat-sarpa goýmagyň ajaýyp göreldesini görkezýärler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň Halkara zenanlar güni mynasybetli Gutlaglaryny iberip, iň oňat arzuwlaryny beýan etmekleri-de bu hakykaty ýene bir ýola aýdyň tassyklady. Döwlet Baştutanymyz: «Ýurdumyzyň zenanlary döwlet dolandyryş işlerinde, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet, nebitgaz, gurluşyk, senagat, ulag we aragatnaşyk, oba hojalyk, söwda ulgamlarynda, mahlasy, ähli ugurlarda uly işleri bitirýärler. Müňýyllyklardan gözbaş alýan milli maşgala mukaddesliklerimizi dowam etdirip, şahsyýetiň, maşgalanyň, jemgyýetiň we döwletiň arasyndaky baglanyşygy has-da berkitmekde, aýratyn-da, ýokary watançylyk duýguly, milli buýsançly ýaşlarymyzy — Watanymyzyň daýanjy bolan täze nesilleri terbiýelemekde dilleri senaly enelerimiziň hem-de zenanlarymyzyň ägirt uly hyzmatlary bardyr» diýip bellese, Gahryman Arkadagymyz: «Biziň mähriban gelin-gyzlarymyz Watanymyzyň owadan gül-gunçalarydyr. Biziň gelin-gyzlarymyz öýlerimiziň bagt ýyldyzlarydyr» diýip, türkmen zenanlaryny şahyrana sözler bilen serpaýladylar. Bularyň ählisi ata-babalarymyzyň zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak ýaly däpleriniň täze taryhy döwürde täzeçe röwüşde dowam etdirilmesidir, ene mukaddesligine, zenan wepadarlygyna tagzym etmegiň milli nusgasydyr.
Zülfiýa NARBAÝEWA,
Saýat etrabynyň 33-nji orta mekdebiniň mugallymy.

