Zenanlaryň hünär bäsleşigi geçirildi
Türkmenabat şäherindäki «Goşa çynar» toý-dabaralar merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň eli çeper tikinçi gelin-gyzlaryň arasynda yglan eden «Hünärim bar — hormatym bar» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.
Bäsleşigiň şertleri boýunça, ilki bilen, oňa gatnaşyjylar goşgy setirleriniň üsti bilen özlerini tanyşdyrdylar, gadymdan gelýän el işleriniň dürli görnüşlerini ýerine ýetirmek bilen, iş pursatlaryny sahnalaşdyrdylar. Soňra tikinçi gelin-gyzlar 6-7 ýaşly gyzlara bellenilen wagtyň dowamynda köýnek biçip, tikip, egnine geýdirdiler. Şeýle-de bäsdeşler durmuşa çykjak gyzyň toý bukjalaryny taýýarlap görkezdiler. Bu şertde gelin-gyzlar, esasan hem, alaja örüp, onuň taýýarlanylyş aýratynlyklaryny goşgulardyr gazallar bilen beýan etdiler.
Bäsleşigiň ahyrynda tikinçi gyz-gelinler sünnäläp bejeren keşdeli lybaslaryny geýip görkezdiler we milli lybaslaryndaky nepis, owadan nagyşlaryň döreýşi we aňladýan manysy barada gürrüň berdiler. Bäsleşikde Saýat, Hojambaz, Halaç etraplaryndan gatnaşan tikinçi gelin-gyzlar has tapawutly çykyş etdiler.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.