JEMGYÝET

Zenanlaryň el işlerine bagyşlanan maslahat geçirildi

Lebap welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda «Nepislik äleminiň soltany» diýen at bilen guralan aýdym-sazly dabara hem turuwbaşdan şatlyk-şowhuna beslendi. Welaýat häkimligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan guralan çärä syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, mährem eneler, gyz-gelinler gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň  käbesi Ogulabat ejäniň çeper ellerinden dörän alajalaryň, kürtäniň dünýä nusgalykdygyny, her bir türkmen zenanynyň bu nepis el işlerini nusgalyk edinmelidiklerini bellediler.

Şatlyk-buýsanja beslenen dabara welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Şol gün welaýat Medeniýet merkezinde gelin-gyzlarymyzyň el işleriniň, taýýarlan milli lybaslarynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: