Zenanlaryň arasynda bäsleşik geçirildi
Türkmenabat şäherindäki «Goşa çyrag» toý-dabaralar mekanynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramaklaryndaky «Ýaş türkmen zenanlary — Berkarar döwletiň mertebe tugy» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby esasynda geçirilen bäsleşige deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan gelin-gyzlar gatnaşdylar.
Birinji şertde bäsdeşler kitapdan parçalary labyzly okap berdiler. Bäsleşigiň ikinji şertinde oňa gatnaşyjylar kitapda beýan edilişi ýaly, çeper el hünärlerini, milli keşdeçilik, halyçylyk we amaly-haşam sungatyny kämil derejede ösdürmekde, gadymy keşdeçilik mirasymyzyň ýitip giden nusgalaryny gaýtadan dikeltmekde hem-de ýaýratmakda maşgalanyň, zenanlaryň orny barada anyk mysallar arkaly gürrüň berdiler. Üçünji şertde bolsa bäsleşige gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň ilkinji kitabynyň özlerinde galdyran täsirleri barada goşgularyň, aýdymlaryň, gazallardyr dessanlaryň üsti bilen çeper wasp etdiler.
Netijede Saýat etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň mugallymy Aknur Baýlyýewa birinji, Dänew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy Reýhan Ömiruzakowa ikinji, Türkmenabat şäheriniň Gurbansoltan eje adyndaky 1-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň mugallymy Jennet Hudaýberenowa üçünji orunlara mynasyp bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Kerki etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň mugallymy Suraý Döwletowa we Çärjew etrabyndaky 64-nji orta mekdebiň mugallymy Aýnur Merdanowa dagy hem bäsleşikde ukyp-başarnyklary bilen tapawutlanmagy başardylar.
Bäsleşigiň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.