TÜRKMENISTAN HABARLARY

Zenanlara hormatly Prezidentimiziň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşurylar

Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek barada Türkmenistanyň Prezidenti degişli Buýruga gol çekdi. Bu resminama zenanlarymyzyň ýurdumyzyň ösüşine goşýan uly goşandyna, nesil terbiyesindäki hyzmatlaryna goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr.
Buýruga laýyklykda:
Wagty: 2026-njy ýylyň 2 — 6-njy marty aralygynda.
Möçberi: 60 (altmyş) manat.
Kime: Ähli kärhanalarda işleýänlere, pensiya we döwlet kömek puluny alýanlara, aspirantlara, talyplara, mekdep okuwçylaryna we çagalar baglaryndaky gyzlara.
Prezidentiň adyndan beriljek bu pul sowgatlary baýramçylyk günlerinde dabaraly ýagdaýda gowşurylar. Bu asylly däp halkymyzyň enelerimize we uýalarymyza bolan hormatynyň dowamatydyr.