MEDENIÝET

Zenanlar ýeňişli ýollaryň ýarany atly baýramçylyk dabarasy

Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatymyzda dürli çärelere giň gerim berilýär. Şeýle çäreleriň biri “Zenanlar ýeňişli ýollaryň ýarany” ady bilen Türkmenabat şäheriniň Beýik Watançylyk urşy muzeýinde geçirildi. Bu täsirli geçen çärä kümüş saçly eneler, Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik işgärleri hem-de Türkmenabat şäherindäki umumybilim berýän orta
mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar.
Ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek, merdana pederlerimiziň şöhratly ýoly bilen tanyşdyrmak, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň beýik ýörelgelerine wepalylyk häsiýetlerini terbiýelemek maksady bilen, geçirilen bu çäre dabara gatnaşyjylarda aýratyn uly täsirler galdyrdy.
Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerde Berkarar döwletimize, merdana halkymyza, ene topragymyza söýgi döretmek, mertlik gaýduwsyzlyk, Ýaşyl tugumyza wepalylyk häsiýetlerini kemala getirmek maksady bilen bu ýerde geçirilýän çäreler beýik Watançylyk urşy muzeýiniň agzybir işgärleriniň tutanýerli zähmetiniň ýerine düşýändiginiň subutnamalarydyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: