MEDENIÝET

Zenanlar neşiriniň işgärleri Lebapda saparda bolýarlar

«Zenan kalby» žurnalynyň döredijilik topary welaýatymyza iş sapary bilen geldi. Saparyň çäginde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi bilen bilelikde döredijilik duşuşyklary, söhbetdeşlikler guraldy.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda meşhur neşiriň döredijilik toparynyň agzalarynyň hem-de lebaply ýazyjy-şahyrlaryň gatnaşmaklarynda «Goý, ýaňlansyn parahatlyk aýdymy!» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga institutyň zenan mugallymlary, talyp
gyzlar gatnaşdylar.
Duşuşykda «Zenan kalby» žurnalynyň ýörite habarçylary Ogulgözel Şagulyýewa, Keýik Umarowa dagy we beýlekiler çykyş etdiler.